Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Hökümet wekili Ýaponiýada saparda boldy

16:2820.07.2015
0
1160

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 17-nji iýulda bolan mejlisinde-de habar berlişi ýaly, Türkmneistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedowyň ýolbaşçylygyndaky topar Ýaponiýanyň Tokio şäherinde iş saparynda bolup geldi.

Türkmen-ýapon ykdysady we maýa goýum-tehnologik hyzmatdaşlygy ösdürmek, bilelikdäki senagat taslamalaryny, şol sanda tebigy gazy ýokary tehnologik taýdan gaýtadan işlemek, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän we bäsdeşlige ukyply önümleri çykarýan önümçilikleri döwrebaplaşdyrmak we gurmak, täze ylmy-tehniki işläp düzmeleri, menejmentiň we marketingiň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmak şol saparyň esasy maksatlary boldy.

Saparyň özi we onuň çäklerinde geçirilen gepleşikler uly umyt bildirilýän netijeleri berdi. Iş saparynyň çäklerinde geçirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesi, türkmen tarapyna görkezilen myhmansöýerlik   Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyň görkezdi. Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe,  günüň dogýan ýurdunyň iri işewürliginiň wekilleri bilen geçirilen duşuşyklar kabul edişligiň derejesini belledi.

Duşuşyklarda Türkmenistanyň çägindäki ýataklary işläp düzmegiň, nebitgaz senagatyny döwrebaplaşdyrmagyň hem-de türkmen gazynyň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyň, beýleki ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň çäklerinde özara gatnaşyklaryň taslamalaryny amala aşyrmaga ýapon maýasynyň gatnaşmak mümkinçiligine seredildi.

Bu barada TDH-nyň habarynda beýan edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň