Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan ÝUNESKO-nyň bedenterbiýe we sport boýunça konferensiýasyna gatnaşar

14:4522.03.2023
0
18842

Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Maksat Çaryýew VII Halkara ministrler we ýokary wezipeli wekilleriň gatnaşmagynda guralan guramanyň bedenterbiýe we sport boýunça konferensiýasyny geçirmek baradaky çekişmelere gatnaşdy.

Bu konferensiýa 26-njy iýundan 29-njy iýuna çenli Azerbaýjanyň paýtagtynda geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasynyň web sahypasy ÝUNESKO-nyň Baş edarasynda geçirilen mejlise esaslanyp, habar berýär.

Ýeri gelende bellesek, ÝUNESKO-nyň bedenterbiýe we sport boýunça konferensiýasyny geçirmek baradaky teklip Azerbaýjanyň ýaşlar we sport ministri Farid Gaýibow we ÝUNESKO-nyň jemgyýetçilik we ynsanperwer ylymlary boýunça baş müdiriniň kömekçisi Gabriela Ramos tarapyndan öňe sürüldi. Maslahatyň öňüsyrasynda, gatnaşyjylar çäräniň maksatnamasyny, maksatlaryny we geçiş teribini ara alyp maslahatlaşarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň