Soňky habarlar

Arhiw

Ahal welaýatynda balyk tutmaklyga çäklendirme girizildi

13:1422.03.2023
0
33399

Türkmenistanyň Döwlet balyk goraýyş we suwuň bioserişdelerine gözegçilik müdirliginiň Ahal welaýaty boýunça bölümi suwuň bioserişdelerini goramak, saklamak, balyklaryň tebigy ýagdaýda üznüksiz köpelmeklerini gazanmak maksady bilen, «Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 42-nji maddasynyň 11-nji bendine laýyklykda, Ahal welaýatynyň çägindäki balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalarynda 2023-nji ýylyň 20-nji martyndan 15-nji maýyna çenli balyk tutmaklyga çäklendirme girizýär. Bu barada «Ahal durmuşy» welaýat gazetinde habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň