Si Szinpin Serdar Berdimuhamedow bilen hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmegiň ägirt uly meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmaga umyt edýär

11:1322.03.2023
0
39785

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Nowruz baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentine gutlag hatynda «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynyň çäklerinde birinji sammitinde «Siziň bilen Hytaýyň we Merkezi Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklary hem-de hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmegiň ägirt uly meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmaga umyt edýärin» diýip belleýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy gutlag hatynda: «Şu ýylyň ýanwar aýynda Hytaýa üstünlikli amala aşyran döwlet saparyňyzyň barşynda Siziň bilen dostlukly we çuň manyly gepleşikleri geçirdik. Hytaý-türkmen gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarmagy, şeýle hem Hytaýyň we Türkmenistanyň «bitewi ykbalynyň konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegi bilelikde beýan etdik. Munuň özi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüş ýoluny kesgitledi» diýip, belleýär.

Si Szinpin şeýle hem: — Nowruz baýramy mynasybetli Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň we hytaý halkynyň adyndan, şeýle-de hut öz adymdan Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmäge şatdyryn — diýip, gutlag hatynda belleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň