Soňky habarlar

Arhiw

Stambulyň howa menzili iň köp gatnawly diýlip yglan edildi

10:4322.03.2023
0
29585
Stambulyň howa menzili iň köp gatnawly diýlip yglan edildi
Surat: aa.com.tr

Türkiýäniň Stambul aeroporty ýene-de Ýewropada iň köp ýolagçyly howa menzili diýlip ykrar edildi diýip, «Anadolu» neşirine salgylanýan «Trend» ýazýar.

Üstümizdäki ýylyň fewralynda Türkiýäniň bu iri howa menzilinde gije-gündizde ortaça 1269 gatnaw ýerine ýetirildi diýlip, Ýewropanyň «Eurocontrol» howa gatnawlary boýunça operatorynyň hasabatynda bellenýär.

Ýewropanyň iň köp gatnawly howa menzilleriniň sanawynda ikinji orny Britaniýanyň «Hitrou» aeroporty eýeledi, ol ýerde gije-gündizde ortaça 1168 howa gatnawy amala aşyryldy, üçünji orny Parižiň «Şarl de Goll» howa menzili 1115 gatnaw bilen, dördünji we bäşinji orunlary bolsa degişlilikde, 1051 we 996 gatnaw bilen Amsterdamyň hem-de Madridiň howa menzilleri eýeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň