Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy BAE-de okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirer

16:1721.03.2023
0
52486

Türkmenistanyň Futbol boýunça milli ýygyndysy baş tälimçi Mergen Orazowyň ýolbaşçylygynda 25 ― 30-njy mart aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu-Dabi şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirer.

Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy resmi saýtynda habar berdi.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, milli ýygyndy şu gün Malaýziýa ugrady. Bu ýerde birigün ― 23-nji martda ýoldaşlyk duşuşygy geçirildi. Türkmen ýygyndysynyň başynda ilkinji duşuşygyna çykjak baş tälimçi bu duşuşyk üçin 24 futbolçyny düzüme çagyrdy. Olar bilen Aşgabatda bir hepdelik okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirdi.

Bu türgenleşikler we ýoldaşlyk duşuşyklary türkmen ýygyndysy üçin CAFA ― 2023 çempionatyna we Dünýä kubogy ― 2026-nyň saýlama tapgyryna taýýarlygyň möhüm bölegine öwrüler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň