Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aşgabatda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçdi

15:5921.03.2023
0
32584

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 2026-njy ýylda geçiriljek Dünýä kubogynyň ilkinji taýýarlyk işlerine 12-nji martda girişdi.

Şol gün Aşgabatda baş tälimçi Mergen Orazowyň ýolbaşçylygynda ýygnanyşan türkmen ýygyndysy 19-njy marta çenli okuw-türgenleşik ýygnanşygyny geçirdi.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty bu ýygnanyşykda tälimçiler düzüminiň 27 futbolçyny gözden geçirendigini ýazýar. Türgenleşiklerdäki netijelerine görä, olaryň 22-si milli ýygyndynyň düzümine çagyryldy. Soň ýene iki futbolçy goşmaça goşulyp, tälimçiler düzümi 23-nji martda Jahor şäherinde Malaýziýanyň ýygyndysy bilen boljak ýoldaşlyk duşuşygyna 24 futbolçyny alyp gitdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň