Dünýäde iň köne kompýuter syçanjygy 178,9 müň dollara satyldy

15:3021.03.2023
0
30264
Dünýäde iň köne kompýuter syçanjygy 178,9 müň dollara satyldy
Surat: socialbites.ca

ABŞ-da PRAuction söwda-satyg auksionynda Engelbart kysymly dünýäde ilkinji kompýuter syçanjyklarynyň we kodirlemek üçin enjamlaryň biri 178,9 müň dollara satyldy diýip, «Hi-Tech Mail.ru» neşiri habar berýär.

Syçanjyk şahsy kompýuterlere dakylýan häzirki zaman enjamlaryň iň irkileriniň biridir. Engelbart enjamlarynyň häzirki görnüşlerinden tapawudy, onda iki däl-de, üç düwmäniň bardygydyr, lazeriň ýerine bolsa, X we Y oklary boýunça orny üýtgetmäge mümkinçilik berýän iki sany disk ulanylýar.

Enjam mundan 50 ýyldan gowrak öň işlenip düzülipdir, ony taslamalaşdyrmagyň üstünde şahsy kompýuterler üçin ilkinji syçanjyklary oýlap tapan Duglas Engelbardyň özi işläpdir.
«Hi-Tech Mail.ru» neşiri syçanjygyň täze hasaba alnan nyrhynyň ähli kompýuter syçanjyklarynyň taryhynda iň ýokarydygyny ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň