Soňky habarlar

Arhiw

Berdiýewiň topary Russiýanyň premýer-ligasynyň ilkinji duşuşygynda ýeňşi elden giderdi

17:0619.07.2015
0
2756

Belli türkmen hünärmeni Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygynda çykyş edýän “Rostowyň” futbolçylary Russiýanyň premýer-ligasynyň ilkinji tapgyrynda Groznynyň “Teregi” bilen 1:1 oýnadylar.

Duşuşygyň başy deň göreşde geçdi. Ýöne ýuwaş-ýuwaşdan rostowlylaryň artykmaçlyklary ýüze çykyp başlady. Netijede 38-nji minutda rostowlylar hasaby açdylar — 1:0 Kalaçýowyň jerime meýdançasyna geçiren pökgüsini Dumbiýa diýseň owadan urgy bilen derwezä gönükdirdi.

Ýöne Gurban Berdiýewiň şägirtlerine bu hasaby saklamak başartmady. 70-nji minutda Lebedenko hasaby deňledi — 1:1.

Russiýanyň habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, “Rostowyň” baş tälimçisi Gurban Berdiýew şägirtleriniň ilkinji tapgyrdaky oýnundan kanagatlanýandygyny belledi.

—Umuman, oýundan kanagatlanýan — diýip, G. Berdiýew aýtdy. — Ýöne ýalňyşlyklar boldy, bu — düşnükli, oýunçylar täze, taýýarlyk üçin wagt az boldy. Döredilen amatly pursatlardan peýdalanmak hem heniz göwnejaý däl. Ýöne wagt bar, işläris.

—“Rostowyň” täze oýunçylary alaryna garaşyp bilerismi?

—Elbetde, atlaryny agzajak däl, ýöne iki-üç ýere oýunçy almagy göz öňünde tutýarys.

—Ätiýaçdaky oýunçylaryň azlygy sebäpli ýeňşi saklap bilmediňiz diýsek bolarmy?

—Elbetde, munuň özi bildirdi, bize oýny güýçlendirmäge ýagdaý bolmady. Biz bir okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçdik, ol hem doly düzümde bolmady. Gözden geçirmek üçin oglanlary çagyrdyk, ýöne olar hem bary-ýogy ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirmek üçin gerek boldy diýen ýaly. Oýunçylaryň funksional ýagdaýy hem öwerlik däl.

—Siz “Rostow” bilen nähili möhlete şertnama baglaşdyňyz?

—Bir ýyllyk. Eger ähli zat ýerber-ýer bolsa, belki, şertnamany uzaldarys. Biz — tälimçiler topary uly höwes bilen bu ýerde galdyk. Welaýatyň ýolbaşçylary öňde has ýokary wezipeleriň goýulmagy üçin bizi goldarlar diýip tama edýäris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň