Soňky habarlar

Arhiw

2015/2016-njy okuw ýyly üçin Türkmen milli konserwatoriýasynda talyplyga dalaşgärleriň resminamalaryny kabul etmek başlandy

16:0919.07.2015
0
9686

TÜRKMEN MILLI KONSERWATORIÝASY

2015/2016-njy okuw ýyly üçin hünärmenleri taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär

1.Saz guralynda ýerine ýetirijilik (hünärler: türkmen sazy; halk saz gurallary; fortepiano; kirişli saz gurallary; üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary; estrada sungaty).

2. Aýdym aýtmak sungaty (hünärler: aýdym sungaty; bagşy; opera sungaty).

3. Dirižýorlyk (hünärler: hor dirižýorlygy; orkestr dirižýorlygy; saz mugallymy).

4. Kompozisiýa we sazşynaslyk (hünärler: sazşynaslyk; kompozisiýa).

Konserwatoriýa Türkmenistanyň orta hünär saz bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Bagşy, türkmen sazy, saz mugallymy, estrada sungaty hünärleri boýunça saz bilimi çagalar sazçylyk mekdebiniň möçberinden pes bolmadyklar kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2015-nji ýylyň 11-27-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

- bellenilen nusga boýunça rektoryň adyna ýazylan arza;

- bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

- orta (orta hünär) bilim barada resminamasynyň asyl nusgasy, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky ýörite we orta sazçylyk, çeperçilik we sungat okuw mekdeplerini tamamlap iki ýyllyk iş tejribeligini geçýän ýaşlar üçin orta hünär bilimi hakyndaky wagtlaýyn şahadatnamanyň nusgasy;

 - Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

- soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

- 3x4 möçberde alty sany fotosurat;

- işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

- giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, taýýarlygyň döredijilik ugurlary (hünärleri) boýunça bilim edaralaryna girýän milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýän ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýar:

- şahsy pasportyny;

- Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2015-nji ýylyň 30-njy iýulyndan 5-nji awgusty aralygynda Türkmen milli konserwatoriýasynda (Aşgabat ş.) geçirilýär.

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

saz guralynda ýerine ýetirijilik ugry: hünäri boýunça (ýerine ýetirmek), solfejio we garmoniýa (ýazmaça we dilden), Türkmenistanyň taryhy;

aýdym sungaty, opera sungaty hünärleri: hünäri boýunça (ýerine ýetirmek), solfejio we saz nazaryýeti (ýazmaça we dilden), Türkmenistanyň taryhy;

bagşy, türkmen sazy hünärleri: hünäri boýunça (ýerine ýetirmek), solfejio we saz nazaryýeti (ýazmaça we dilden), Türkmenistanyň taryhy;

hor dirižýorlygy, orkestr dirižýorlygy hünärleri: hünäri boýunça we fortepiano (ýerine ýetirmek), solfejio we garmoniýa (ýazmaça we dilden), Türkmenistanyň taryhy;

kompozisiýa hünäri: döreden eserleri we fortepiano (ýerine ýetirmek), solfejio we garmoniýa (ýazmaça we dilden), Türkmenistanyň taryhy;

sazşynaslyk hünäri: solfejio we garmoniýa (ýazmaça we dilden), saz guraly (ýerine ýetirmek) we saz edebiýaty (dilden), Türkmenistanyň taryhy;

saz mugallymy, estarada sungaty hünärleri: hünäri boýunça we ýörite saz guraly (ýerine ýetirmek), solfejio we saz nazaryýeti (ýazmaça we dilden), Türkmenistanyň taryhy.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň, ýörite orta sazçylyk okuw mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Türkmenistanyň taryhy dersi boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

- saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;

- harby gullugy tamamlap gelenler.

Türkmen milli konserwatoriýasynyň salgysy: Aşgabat ş., 1984 (Puşkin) köçe, 22; tel.: 92-28-56.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň