Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky «Vivense» dükany minimalizm we loft stillerindäki mebel nusgalaryny hödürleýär

09:3921.03.2023
0
26757

«Vivense» dükany türk önümçiligine degişli minimalizm we loft stillerindäki ýokary hilli mebelleriň dürli görnüşlerini hödürleýär. Hödürlenýän görnüşleriň hatarynda ýaşaýyş otaglary we aşhanalar üçin ýumşak we gabaraly mebeller: diwanlar we kürsüler, žurnal stollary, telewizor goýmak üçin tumbalar, krowatlar, oturgyçly nahar stollary toplumy, aşhana mebelleri, şeýle hem bezeg esbaplary – aýnalar, wazalar we başga-da köp sanly önümler bardyr.

- Islendik jaý üçin kemsiz görünmegiň gizlin syry – onuň içerki enjamlaşdyrylyşy we goşlaryň akylly-başly ýerleşdirilmegidir. Eger-de siz Türkiýede ussat hünärmenler tarapyndan ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa materiallardan taýýarlanan mebelleri satyn almak isleseňiz, onda «Vivense» tüýs size geregidir – diýip, dükanyň wekili belläp geçdi.

«Vivense-niň» mebelleriniň minimalistik dizaýny, özüne çekiji nepis şekilleri we reňkleriniň sada sazlaşygy ownuk detallar bilen doldurylmadyk, giň zolaklaryň agdyklyk täsirini emele getirýän ajaýyp otagy döretmäge mümkinçilik berýär.

Dükan mebelleri örtmek üçin matalary saýlamak mümkinçiligini döredýär, gysga wagtda öýüňize eltip bermek hyzmatyny guraýar we önümlerine kepillik berýär.

«Vivense» dükanynyň hödürleýän önümleri we esbaplary bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz: Aşgabat, G.Kuliýew (Obýezdnaýa) köç., 8, «Gurban» binasy. Habarlaşmak üçin telefonlar: (+993 61) 72 13 98, (+993 65) 62 61 87. Sosial ulgamdaky sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň