Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabat şäherinde geçirilýän «Saglyk — 2015» atly halkara sergisiniň açylmagy bilen sergä gatnaşyjylary gutlady

06:5719.07.2015
0
4470

Hormatly halkara sergisine gatnaşyjylar!

Gadyrly dostlar, eziz myhmanlar!

Sizi Aşgabat şäherinde geçirilýän «Saglyk — 2015» atly halkara sergisiniň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllyk şanly baýramyna hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlanan bu halkara sergisi öňdebaryjy usullary, innowasiýa taslamalaryny amaly lukmançylyga ornaşdyrmak we özleşdirmek babatda halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmäge, şeýle hem bu ugurdaky ýokary ösüşlere badalga bermäge uly mümkinçilikleri döredýär.

Ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan berkarar döwletimizde saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge we döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen syýasat hem-de köpugurlaýyn özgertmeler toplumlaýyn milli maksatnamalar esasynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ugurda giň gerimli işleriň alnyp barylmagy, iň täze lukmançylyk tehnologiýalarynyň we ylmyň gazananlarynyň durmuşa ornaşdyrylmagy, ilkinji nobatda, halkyň saglygyny düýpli gowulandyrmaga, adam ömrüniň dowamlylygyny uzaltmaga, ýokary derejedäki saglygy goraýyş edaralarynyň gurluş düzümini we kuwwatlylygyny kämilleşdirmäge ýardam berýär.

Gadyrly dostlar!

Ýurdumyzda milli we halkara tejribesi esasynda saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyny dünýä ölçeglerine laýyk getirmek, keselleriň öňüni almak we olary ýok etmek, lukmançylygyň beýleki ugurlary boýunça bilelikdäki möhüm taslamalaryň, maksatnamalaryň tutuş toplumyny üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda hem giň gerimli işler alnyp barylýar. Biz Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, Ilat Gaznasy, Çagalar Gaznasy, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasy, şol sanda Germaniýanyň, dünýäniň beýleki ösen döwletleriniň halkara lukmançylyk we ylmy-barlag merkezleri bilen köpugurly gatnaşyklary giňeltmäge aýratyn uly ähmiýet berýäris.

Häzirki döwürde ýurdumyzda lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça keselleriň öňüni almagyň, anyklamagyň we bejermegiň, keselleriň ýaýramagynyň öňüni almagy üpjün etmegiň ylmy usullary, iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmeginiň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslary işlenip taýýarlandy hem-de olar häzirki döwürde lukmançylyk tejribesine giňden ornaşdyrylýar. Bu ugurda derman senagatynyň täze ugurlary, howpsuz, ýokary hilli, bäsleşige ukyply, ekologiýa taýdan arassa ýerli çig mallardan derman hem-de beýleki saglygy goraýyş serişdeleriniň önümçiligi ýola goýuldy. Ýurdumyzyň tebigy mümkinçiliklerini ylmy taýdan öwrenmek, bejeriş-mineral suwlaryny, himiki elementleri, tebigy minerallary, duzly suwy, bejeriş we wulkan palçyklaryny senagat taýdan özleşdirmek boýunça işler kämilleşdirilýär.

Biziň milli saglygy goraýyş ulgamyny özgertmek boýunça alyp barýan syýasatymyzyň hem-de bu ugurda gazanýan üstünliklerimiziň dünýä bileleşigi tarapyndan doly goldanylýandygyny hem-de ykrar edilýändigini Türkmenistanda drakunkulýoz, poliomiýelit, gyzzyrma, gyzamyk we gyzylja keselleriniň ýokdugy, unuň demir we foliý turşusy bilen, duzuň ýod bilen baýlaşdyrylandygy hakyndaky resminamalar hem aýdyň görkezýär. Durmuşa geçirilýän saglyk syýasatymyzy halkara bileleşiginiň doly goldaýandygy hem-de saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek boýunça iri möçberli meýilnamalarymyzy amala aşyrmakda netijeli goldaw bermäge taýýardygy bizi örän guwandyrýar.

Hormatly halkara sergisine we ylmy maslahatyna gatnaşyjylar!

Gadyrly dostlar, eziz myhmanlar!

Sizi «Saglyk — 2015» atly halkara sergisiniň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň her biriňize berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez bagt, ynsan saglygyny goramak ýaly asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň