Türkmenistan GDA ýurtlarynyň serhet gulluklarynyň wezipeli işgärleriniň 7-nji sebitleýin maslahatyna gatnaşdy

17:1619.03.2023
0
21788
Türkmenistan GDA ýurtlarynyň serhet gulluklarynyň wezipeli işgärleriniň 7-nji sebitleýin maslahatyna gatnaşdy
Surat: gpk.gov.by

Türkmen wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň serhet gulluklarynyň wezipeli işgärleriniň 7-nji sebitleýin maslahatyna gatnaşdy. Maslahat Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirildi diýip, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň web sahypasynda habar berildi.

Maslahata Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, şeýle hem Serhet goşunlarynyň serkerdeler Geňeşiniň Utgaşdyryş gullugynyň, GDA agza döwletleriň Terrorçylyga garşy merkeziniň we ŞHG-niň terrorçylyga garşy sebitleýin gurluşynyň wekilleri gatnaşdylar.

Habar berlişi ýaly, maslahatyň dowamynda serhetlere abanyp biljek howplar, GDA agza ýurtlaryň daşarky serhetlerinde ol howplary aradan aýyrmak boýunça bilelikdäki öňüni alyş çäreleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň serhet gulluklarynyň wezipeli işgärleriniň nobatdaky sebitleýin maslahatynyň 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda Özbegistanda geçiriljekdigi bellenildi.

Duşuşygyň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň