Şu gün 252-nji «El Klasiko»!

16:3619.03.2023
0
27426

Şu gije sagat 01:00-da taryhdaky 252-nji «El Klasiko» duşuşygy geçiriler. Ispaniýanyň çempionatynyň 26-njy tapgyrynyň çägindäki duşuşykda ýaryşyň lideri «Barselona» «Kamp Nouda» özünden 9 utuk yzda gelýän «Realy» kabul eder.

Muňa garamazdan, «Real» häzir ýaryşyň ikinji basgançagynda. Duşuşyk «Türkmenistan sport» teleýaýlymynda-da efire berler.

Yzda galan duşuşyklarda «Real Madrid» 101, «Barselona» 99 gezek ýeňiş gazandy. Şeýle hem 52-si deňlikde tamamlanan duşuşyklarda «Real» 419, «Barselona» 413 gol geçirdi.

Şeýle-de bu oýun «La Liganyň» çäginde ikisiniň arasyndaky 186 duşuşyk bolup, «Real» 77, «Barselona» 73 gezek üstün çykdy (35 deňlik). Iki toparyň arasyndaky 1-nji duşuşykda «Real Madrid» 3-1 hasabynda ýeňiş gazanypdy. Ondan soň oýnalan 2 «El Klasikoda-da» «Barselona» köne bäsdeşini ýeňmegi başarypdy.

Duşuşykda «Barselona» ýeňiş gazanan ýagdaýynda, katalonlar aratapawudy 12 utuga çykararlar we çempionlyk ugrunda uly ädim ederler. «Real Madrid» ýeňiş gazansa, aratapawut 6 utuga düşer we «Real» çempionlyk üçin täzeden umytlanar.

Duşuşykda «Barselonanyň» ýyldyzy Pedriniň oýnamajakdygy habar berildi. Şeýle-de «Barselona» özboluşly köýnekçe bilen meýdança çykar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň