Şu ýylyň iki aýynda türkmen-azerbaýjan söwda dolanyşygy 3,6 esse ýokarlandy

13:5619.03.2023
0
19706

2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 105 million amerikan dollaryna barabar boldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3,6 esse ýokarydyr. 2022-nji ýylyň deslapky iki aýynda türkmen-azerbaýjan söwda dolanyşygy 29,1 million dollara deň boldupdy. Bu barada Azerbaýjanyň Döwlet gümrük komitetine salgylanyp, TREND habar berýär.

Hasabat döwründe Türkmenistandan Azerbaýjana amala aşyrylan eksport geçen ýylyň degişli döwründäkiden (22,6 million dollar) 3,9 esse ýokarlanyp, 89,5 million dollara ýetdi. Şunuň bilen baglylykda, Azerbaýjanyň importynda Türkmenistanyň paýy 3,38 göterime çenli artdy.

Şu ýylyň iki aýynda Azerbaýjandan Türkmenistana amala aşyrylan eksportyň mukdary hem 2,3 esse köpeldi. Bu görkeziji 2022-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda 6,6 million dollar bolan bolsa, 2023-nji ýylda 15,5 million dollara çenli ýokarlandy.

Ýeri gelende bellesek, 2022-nji ýylda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 535,3 million amerikan dollaryna deň boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň