Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti hususyýetçileriň sergisine baryp gördi

22:2118.03.2023
0
16426

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygyna bagyşlanyp, geçirilen sergide bolup, Türkmenistanyň işewür düzümleriniň öndürýän önümleri, senagat harytlary hem-de olaryň görnüşleri bilen tanyşdy.

Bu ýerde görkezilýän önümler we beýleki gymmatlyklar häzirki döwürde milli işewürligiň ösüşiň täze derejesine çykandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Soňky ýyllarda umumy ösüşiň oňyn ýagdaýlaryna laýyklykda, ýurdumyzyň hususy işewürligini ösdürmek, hususyýetçiligiň gazananlarynyň gözden geçirilişini guramak meselelerine aýratyn üns berilýär.

Giň möçberli serginiň guralmagy bu ugurda gazanylýan üstünlikler we täzelikler hem-de telekeçiler tarapyndan daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň we eksport ugurly önümleriň önümçiliginde ulanylýan innowasion işläp taýýarlamalar bilen tanyşmaga mümkinçilik döredýär.

2008-nji ýylda döredilen Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Türkmenistanyň hususy işewürliginiň 28 müňden gowrak wekilini özünde jemläp, ykdysadyýetiň döwlete dahylly bolmadyk bölegini ösdürmek, telekeçilik başlangyçlary goldamak we döwrebap işewürlik düzümlerini kemala getirmek boýunça giň gerimli işleri amala aşyrýar. Birleşmäniň agzalary Türkmenistanda azyk we haryt bolçulygynyň üpjün edilmegine, täze iş orunlarynyň döredilmegine saldamly goşant goşýarlar. Türkmenistanda işleýän ilatyň ýarysyndan gowragynyň ykdysadyýetiň hususy pudagynda zähmet çekýändigini bellemek gerek. Türkmenistanyň telekeçileri daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport edilýän önümleriň önümçiliklerini barha işjeň ýola goýýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň