«Türkmenportal» hojalyk jemgyýeti baýraga mynasyp boldy

21:0018.03.2023
0
38177

Ozal habar berşimiz ýaly, şu günler Türkmenistanda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi dowam edýär. Serginiň dowamynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy mynasybetli hususy telekeçileriň arasynda ýurduň ykdysadyýetini ösdürmekde 2022-nji ýylda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi we Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan yglan edilen «Ýylyň öňdebaryjy işewüri» atly bäsleşigiň jemi jemlendi.

Bäsleşigiň «Innowasion tehnologiýalary we sanly ykdysadyýeti önümçilige ornaşdyrmakda ýylyň öňdebaryjy işewüri» ugry boýunça «Türkmenportal» hojalyk jemgyýeti üçünji orna mynasyp bolmagy başardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň