Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýanynda saýlaw uçastoklarynyň 42-si döredildi

15:2018.03.2023
0
31673

Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, şäher, etrap halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça möhletinden öň ses bermek çäresi dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň (konsullyk edaralarynyň) ýanynda saýlaw uçastoklary döredildi.

Diplomatik wekilhanalaryň «Instagram» sosial ulgamyndaky sahypalarynda habar berlişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň (konsullyk edaralarynyň) ýanynda saýlaw uçastoklarynyň 42-si döredildi. Bu saýlaw uçastoklarynda ähli taýýarlyk işleri ýokary derejede ýerine ýetirildi diýlip, habarlarda bellenilýär.

Şeýle hem sosial ulgamlardaky habarlarda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň (konsullyk edaralarynyň) ýanynda döredilen saýlaw uçastoklarynda ses berlişik 16 — 26-nji mart aralygynda ýerli wagt bilen sagat 07:00-dan 19:00-a çenli geçirilýändigi ýatladylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň