Soňky habarlar

Arhiw

TSTB-niň sergisinde «Peragat» hojalyk jemgyýetiniň «Nesil» we «Eco Gap» brendleri tanyşdyrylýar

10:5318.03.2023
0
36868

«Peragat» hojalyk jemgyýeti Aşgabatda geçirilýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisinde (TSTB-2023) özüniň «Nesil» hem-de «Eco Gap» brendlerini köpçülige tanyşdyrýar.

Türkmen bazarynda sarp edijiler tarapyndan «Peragat» kärhanasynyň gök-bakja hem-de miweler gaplanan «Nesil» haryt nyşanly önümleri giň meşhurlyga eýedir.

«Nesil» haryt nyşany 50 töweregi görnüşli gaplanan önümlerden ybarat. Bu önümlere adaty tagam taýýarlaýyş esasynda ýapylan duzlanan önümler (ajika, hyýar, pomidor, assorti hem-de beýlekiler), miwe şireleri (alça, aýwa, şipownik, feýhowa we beýlekiler), şeýle-de mürepbeler (erik, böwürslen, ýertudana, şetdaly we başga miweler) degişlidir.

Şunuň bilen hem, «Peragat» hojalyk jemgyýeti bir gezeklik gaplary we Eco Gap gaplamasyny öndürmekde Türkmenistanda öňdebaryjylaryň biri bolup durýar. 2015-nji ýyldan başlap, kärhana her ýylda 200 müň tonna barbar bolan bir gezeklik gaplaryň önümçiligini ýola goýdy. Kärhana «Eco Gap» önümlerini Azerbaýjan, Gruziýa, Gazagystan we Ermenistan ýaly ýurtlara eksport edýär.

«TSTB-niň sergisine gatnaşmak biziň kärhanamyzyň ösüşini açyp görkezmäge giň mümkinçilik berýär. «Eco Gap» we «Nesil» brendleriniň öndürilmegi ýadawsyz zähmetiň hem-de önümçiligiň döwrebaplaşdyrylmagynyň netijesidir. Biziň aýratyn ähmiýet berýän ugrumyz — önümçilik we ýokary hilli önümlerimizi Türkmenistanda hem-de dünýä bazarynda amatly bahalardan alyjylara ýetirmekdir» – diýip, «Peragat» hojalyk jemgyýetiniň hünärmeni belleýär.

«Peragat» HJ-niň önümleri barada goşmaça maglumatlary şu telefon belgileri arkaly anyklap bilersiňiz: (+993 64) 88 88 02, (+993 12) 36 19 03.

Habarlaşmak üçin:

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň