“Türkmenportal” saýtynyň redaksiýasy “Sport temasyndan iň gowy surat” atly täze bäsleşigiň başlanýandygyny yglan edýär. Bäsleşige gatnaşyjylar sporta degişli gyzykly pursat şekillendirilen öz şahsy suratlaryny şu salgynyň: https://line.me/ti/p/%40xlz6070a administratoryna hat ýa-da şu poçta boýunça: konkurs@turkmenportal.com iberip bilerler.
Bäsleşigiň geçirilýän wagty:
Suratlar 18-nji iýuldan 24-nji iýula çenli kabul ediler. Ýeňijileri “SPORT TÜRKMENPORTAL” LINE –daky toparyň okyjylary özleri kesgitlärler. Iň köp “Laýk” toplan suratlaryň awtorlary ilkinji bäsleşigiň ýeňijisi bolarlar.
Ses berişlik 24-nji iýuldan 30-nji iýula, Aşgabat wagty bilen sagat 16.00-a çenli geçiriler.
Şertleri:
- her gatnaşyjydan bir surat kabul edilýär;
- haýyşnamada awtor adyny we familiýasyny görkezmeli;
- her surata teswirleme ýazmak hökmanydyr (bir sözlem);
- internetden alnan suratlar, kadrlar, şeýle hem teswirlemesi bolmadyk suratlar bäsleşige kabul edilmeýär;
- redaksiýa gatnaşyjylar tarapyndan iberilen suratlary alyp galmak hukugyna eýedir.
Haýyşnamanyň nusgasy:
—Siziň suratyňyz;
—adyňyz we familiýaňyz: Selim Bäşimow;
—teswirleme: Haçan-da, “Ahal” futbol toparymyza janköýerlik edeniňizde ýüze çykan üýtgeşik ýagdaý.
Baýrak gaznasy:
Birinji orun — 180 manat
Ikinji orun — 130 manat
Üçünji orun — 100 manat
Dördünji orun — 70 manat
Bäşinji orun — 50 manat
Utuş gatnaşyjylaryň — baýrak eýeleriniň telefon belgisine geçiriler.
Sowallar bilen “SPORT TÜRKMENPORTAL” topar administratoryna https://line.me/ti/p/%40xlz6070a ýa-da konkurs@turkmenportal.com poçta arkaly ýüz tutup bilersiňiz.