Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň DIM-de Gruziýanyň Türkmenistandaky ilçisi kabul edildi

20:4616.03.2023
0
18429
Türkmenistanyň DIM-de Gruziýanyň Türkmenistandaky ilçisi kabul edildi
Surat: mfa.gov.tm

Şu gün,16-njy martda Türkmenistanyň daşary syýasy edarasanyň binasynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Gruziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Konstantin Sabiaşwili bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meseleleri hem-de türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň geljekki ösüşiniň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar iki döwletiň netijeli syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygyny nygtadylar. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Gruziýanyň Premýer-ministri I.Garibaşwiliniň geçen ýylyň iýulynda Aşgabada bolan saparynyň dowamynda geçirilen gepleşikleriniň wajyp ähmiýeti bellenildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Diplomatlar söwda-ykdysady, ulag we energetika pudaklaryndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy, ylymda, bilimde, medeniýetde we syýahatçylykda gatnaşyklaryň giňeldilmegi babatda pikir alyşdylar.
Şeýle hem duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň bar bolan gurallarynyň — Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň, iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeleriň, şeýle hem Türkmenistanyň we Gruziýanyň parlamentlerinde döredilen Parlamentara dostluk toparynyň möhüm orny barada nygtaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň