Soňky habarlar

Arhiw

2015/2016-njy okuw ýyly üçin Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynda talyplyga dalaşgärleriň resminamalaryny kabul etmek başlandy

17:0415.07.2015
0
23650

TÜRKMEN DÖWLET ULAG WE ARAGATNAŞYK INSTITUTY

2015/2016-njy okuw ýyly üçin hünärmenleri taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri)  boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär

1. Awtomobil ulagynyň ulanylyşy (hünär: awtomobiller we awtomobil hojalygy).

2. Howa ulagynyň ulanylyşy (hünärler: howa hereketiniň dolandyrylyşy; uçuş enjamlarynyň we hereketlendirijileriň tehniki ulanylyşy; howa gämileriniň awiasion we radioelektron enjamlaryny tehniki taýdan ulanmak).

3. Demir ýol ulagynyň hereket edýän düzüminiň ulanylyşy we abatlanyşy (hünärler: lokomotiwler; wagonlar; ulagda gatnawy guramak we hereketi dolandyrmak; demir ýol ulagynda awtomatika, telemehanika we aragatnaşyk).

4. Suw ulagynyň ulanylyşy (hünärler: gämi sürmeklik; gämileriň energetiki desgalarynyň ulanylyşy).

5. Gämi gurluşygy we umman tehnikasy (hünär: gämi gurluşygy).

6. Aragatnaşyk we teleradiokommunikasiýa ulgamlary (hünärler: awtomatiki elektrik aragatnaşygy; köpkanally elektrik aragatnaşygy; radioaragatnaşyk, radioýaýlym we telewideniýe; hereketli obýektler bilen aragatnaşyk serişdeleri; önümçiligiň we tehnologiýa prosesleriniň awtomatlaşdyrylyşy (poçta aragatnaşygy)).

7. Radioelektron ulgamlary we toplumlary (hünär: radioelektron ulgamlary we toplumlary ).

8. Gurluşyk (hünärler: köprüler we ulag nagymlary; demir ýollaryň gurluşygy, ýol we ýol hojalygy; awtomobil ýollarynyň we uçuş meýdançalarynyň gurluşygy).

9. Pudak kärhanalarynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy (hünär: ulag we aragatnaşyk kärhanalarynda ykdysadyýet we dolandyryş).

10. Menejment (hünär: logistika).

11.Kompýuter tehnologiýasy (hünärler: awtomatika we tehniki ulgamlarda dolandyryş; hasaplaýyş torlarynyň programma üpjünçiligi).

Instituta umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

«Howa ulagynyň ulanylyşy» ugruna okuwa girýänler uçujy-dispetçer we inžener-tehnik wezipelerindäkiler üçin niýetlenen Gollanmanyň düzgünlerine laýyklykda lukmançylyk barlagyndan geçýärler.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2015-nji ýylyň 11-27-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

- bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

- bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

- umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);

- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

- soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

- 3x4 möçberde alty sany fotosurat;

- işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

- giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýän ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýar:

- şahsy pasportyny;

- Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

  • Lebap welaýaty — iýul aýynyň 30-31-i, awgust aýynyň 3-i we 5-i günleri        
  • Balkan welaýaty — awgust aýynyň 1-2-si, 4-i we 6-sy günleri
  • Mary welaýaty — awgust aýynyň 7-8-i, 11-i we 13-i günleri  
  • Ahal welaýaty    —     awgust aýynyň 9-10-y, 12-si we 14-i günleri
  • Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 15-16-sy, 19-y we 21-i günleri    
  • Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 17-18-i, 20-si we 22-si günleri        

Giriş synaglary hünärmenleri taýýarlamagyň ähli ugurlary boýunça matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýärler.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

- saýlan ugry boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;

- harby gullugy tamamlap gelenler.

Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň salgysy: Aşgabat ş., Oguzhan köçesi, 13; tel.: 49-35-86, 49-44-21.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň