Türkmenistan we Eýran zenanlarynyň arasyndaky dialogyň işjeňleşdirilmegini goldaýar

17:5913.03.2023
0
35830
Türkmenistan we Eýran zenanlarynyň arasyndaky dialogyň işjeňleşdirilmegini goldaýar
Surat: mfa.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Golam Abbas Arbab Hales bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde duşuşdy. Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibindäki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berildi.

Syýasy-diplomatik hyzmatdaşlyk barada pikir alyşmak bilen, taraplar iň ýokary we ýokary derejedäki duşuşyklaryň möhüm ähmiýetini bellediler. Şeýle hem parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şol sanda, özara saparlary guramaga aýratyn üns berildi.

Iki döwletiň abraýly halkara we sebit guramalaryň çäklerinde alyp barýan köptaraplaýyn görnüşdäki netijeli hyzmatdaşlygy dogrusynda hem durlup geçildi.

Duşuşykda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy, ileri tutulýan ugurlar hökmünde ekologiýa, energetika we ulag pudaklaryndaky hyzmatdaşlyga üns çekildi.

Taraplar şeýle-de iki ýurduň zenanlarynyň arasyndaky dialogyň işjeňleşdirilmeginiň möhümdigini bellediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň