Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 20 — 22-nji martda syýahatçylyk boýunça halkara maslahat geçiriler

09:3513.03.2023
0
21494

Şu ýylyň 20 — 22-nji marty aralygynda «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär. Onuň guramaçylyk meseleleri barada 10-njy martda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, foruma Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä federasiýasynyň, Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen şäherleriň guramasynyň, şeýle hem Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Hytaýyň, Belarusuň, Horwatiýanyň, Bolgariýanyň, ABŞ-nyň, Türkiýäniň, Russiýanyň, Eýranyň syýahatçylyk kärhanalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklary göz öňünde tutulýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň Türkmenistanyň syýahatçylyk ulgamyny ösdürmekde, milli taryhy-medeni mirasy wagyz etmekde, syýahatçylyk kuwwatyny artdyrmakda möhüm orun eýeleýändigini belledi hem-de wise-premýer M.Mämmedowa we degişli ýolbaşçylara forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň