Soňky habarlar

Arhiw

Lebaply hususyýetçi daşary döwletlere pomidor eksport edýär

15:4312.03.2023
0
38371

Kerki etrabynyň Daşlyk geňeşliginiň çäginde ýerleşýän, umumy meýdany 4 gektara deň bolan Batyr Rozyýewe degişli ýyladyşhanasynda ýylyň başyndan bäri pomidoryň täze hasylyny ýygyp başladylar.

«Jeyhun.news» neşiriniň habar berşi ýaly, ýyladyşhana 2022-nji ýylda işe girizildi. Geçen ýyl bu ýerde 900 tonna pomidor ýygnaldy we onuň 100 tonnadan gowragy daşary ýurtlara iberildi. Önüm Täjigistana, Gazagystana we Russiýa Federasiýasyna eksport edildi.

Ýyladyşhana oturdylan hem düýp nahalyň 30-35 kilogram bermegine garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň