Aşgabatdaky «Mavi» täze ýazky egin-eşik toplumyny hödürleýär

15:2510.03.2023
0
26813

Aşgabatdaky «Mavi» haryt nyşanynyň dükanynyň hödürleýän görnüşleri 2023-nji ýylyň ýazy üçin täze önümler bilen üsti ýetirildi. Möwsümleýin egin-eşik toplumyna jinsiler, köýnekçeler (futbolkalar), şemally howa üçin geýimler (wetrowkalar), toplar we kepkalar girizildi.

Mundan başga-da, dükanda haryt nyşanynyň öňki toplumlaryna degişli eşikler arzan bahalardan satylýar.

Ýatlatsak, «Mavi» dükanynda öňünden goşmaça töleg geçirmezden, harytlar üçin tölegleri alty aý möhlet bilen resmileşdirip bilersiňiz. Satyn alyjy 1500 manada çenli söwda edende pasportynyň göçürmesini, 3000 manada çenli söwda edende bolsa iş ýerinden kepilnama bermelidir.

«Mavi» dükanynyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat, «Berkarar» SDAM, 2-nji gat. Telefon belgisi: (+993 61) 64 39 87. Sosial ulgamdaky sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň