Soňky habarlar

Arhiw

GDA-nyň synçylary Türkmenistanda geçiriljek saýlawlara syn edýär

22:3009.03.2023
0
12739

Türkmenistanyň çakylygy boýunça gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň synçylar topary şu günler saýlaw möwsümine syn etmäge girişdi. Bu barada türkmen telewideniýesi «Watan» habarlar gepleşigi arkaly habar berdi.

GDA-nyň Baş sekretarynyň orunbasary I.Nematowyň Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy bilen hem-de Daşary işler ministrliginde geçiren duşuşyklarynyň çäklerinde Mejlise, ýerli wekilçilikli häkimiýete hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna geçiriljek saýlawlar bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Toparyň düzümine synçylaryň 50-den gowragynyň — Arkalaşygyň ýurtlarynyň wekilleriniň — parlamentarileriň, görnükli jemgyýetçilik işgärleriniň, diplomatlaryň, GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň, Belarusuň we Russiýanyň parlament ýygnagynyň wekilleriniň, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň işgärleriniň girizilmegi meýilleşdirilýär. Toparyň ýaýradan maglumatynda saýlaw möwsüminiň ähli tapgyrlarynyň saýlaw kanunçylygyna doly laýyklykda geçýändigi tassyklanylýar.

Ýeri gelende aýtsak, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetinden, Türki Döwletleriň Guramasyndan, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyndan wekiller saýlawlara synçy hökmünde gatnaşmaga gyzyklanma bildirdiler. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasyndan, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça býurosyndan, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden wekilleriň gelmegine garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň