Soňky habarlar

Arhiw

U-20 ýygyndylarynyň arasyndaky Aziýanyň kubogynda çärýek finalçylar belli boldy

21:4509.03.2023
0
21849

Futbol boýunça 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndylarynyň arasynda Özbegistanda geçirilýän Aziýanyň kubogynda toparçalaýyn duşuşyklar tamamlanyp, çärýek finalçylar belli boldy.

Indi futbol muşdaklary çärýek finallarda Özbegistan ― Awstraliýa, Koreýa Respublikasy ― Hytaý, Eýran ― Yrak we Ýaponiýa ― Iordaniýa duşuşyklaryna tomaşa edip bilerler.

Çärýek final duşuşyklary 11-nji we 12-nji mart günlerinde geçiriler. Ýaryşyň ýeňijisi 18-nji martdaky final duşuşygyndan soň belli bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň