Aşgabatdaky kitap dükanynda adaty bolmadyk işgär peýda boldy

15:1209.03.2023
0
26008

«Aşgabat» söwda merkezindäki «Readit Store» kitap dükanynda adaty bolmadyk bir işgär bar. Ol Albus atly pişikdir.

Täze işgäriň möhüm jogapkärçiligi bar. Albus dükandaky tertip-düzgüne sereder we «Readit Store»-niň jemgyýetçilik torlaryndaky sahypasynda habar berlişi ýaly, müşderilere kitap saýlamaga kömek eder.

Dünýäde haýwanlary işe almagyň nusgalary seýrek däl. Beýik Britaniýanyň premýer-minstrliginde hem Larri we Palmerston atly syçanlaryň «işleýändigini» ýatladýarys.

Oskar atly pişik bolsa Angliýanyň Darem şäherindäki polisiýa bölüminde işleýär. Ol «polisiýa işgärlerine psihoterapewtiki goldaw bermekden» jogapkär.

Wyborg galasyndaky Flimon atly işçi pişigiň bolsa 13 ýaşynda aradan çykandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň