Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň düzümine täze edaralar giriziler

07:1013.07.2015
0
17238

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň düzümine täze edaralar giriziler. Türkmenistanyň Prezidenti bu baradaky Karara gol çekdi.

Bu Aşgabat şäherindäki 670 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi we Halkara okuw-ylmy merkezi, şeýle hem Ahal welaýatyndaky 120 orunlyk Ýöriteleşdirilen dikeldiş merkezidir.

Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň binýadynda bolsa 275 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkezi dörediler. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň