“Business Сentral Asia” halkara žurnaly nobatdaky sanyny häzirki zaman Türkmenistana bagyşlady

14:5312.07.2015
0
4279

Nýu-Deli şäherinde (Hindistan Respublikasy) çap edilýän hem-de Aziýa sebitiniň ähli ýurtlarynda diýen ýaly, şeýle hem sebitiň çäklerinden alyslarda ýaýradylýan “Business Сentral Asia” halkara žurnaly nobatdaky sanyny häzirki zaman Türkmenistana, onuň gazanýan ägirt uly üstünliklerine bagyşlady.

Meşhur neşiriň nobatdaky sanynyň çapdan çykan wagtynyň türkmen-hindi gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm waka —Merkezi Aziýa ýurtlaryna saparynyň çäklerinde Türkmenistana gelen Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministr Narendra Modiniň Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygy bilen gabat gelendigi bellärliklidir.

Žurnalyň bu sany “Türkmenistan—Birleşen Milletler Guramasy: parahatçylyga, ösüşe we hyzmatdaşlyga özara ygrarlylyk” diýen makala bilen açylýar. Ol BMG-niň baş sekretary Pan Gi Munuň ýakynda Türkmenistana bolan saparynyň jemlerine bagyşlandy.

Makalada bellenilişi ýaly, Aşgabatda geçirilen netijeli gepleşikleriň jemleri boýunça dünýäniň iri guramasynyň ýolbaşçysy Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüne  BMG-niň ýurdumyzda işleýän edaralary üçin iş şertleriniň döredilmegi we ýardam edilmegi, şeýle hem Owganystanyň we Nepalyň halklaryna, bosgunlara we raýatlygy bolmadyk adamlara ynsanperwer kömeginiň berilmegi üçin aýratyn hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Žurnalyň materiallary oňyn hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýat bolup durýan Türkmenistanyň Bitaraplygyna we ýurdumyzyň tutuş adamzadyň parahatçylyga, durnuklylyga we ösüşe bolan umumy gyzyklanmalaryna berýän goşandyna bagyşlanypdyr.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler maksatnamalary we ähmiýetli düzümleýin taslamalary, halkara hyzmatdaşlygyna bolan açyklyk hem-de ýurdumyzda daşary ýurt işewürçiligi üçin oňyn şertleriň döredilmegi daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň geljegi uly, sazlaşykly ösýän türkmen bazarynda öz orunlaryny berkitmäge, bu ýerde durmuşa geçirilýän taslamalara işjeň gatnaşmaga bolan gyzyklanmalaryny şertlendirýär.

Senagat ulgamynda import harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilmegini nazarlaýan ýurdumyz dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini işjeň öwrenýär we ony önümçilige ornaşdyrýar. Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň strategik meýilleşdiriş institutynyň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanan aýratyn makala hem hut şu ugra bagyşlanypdyr. Onda döwlet Baştutanynyň önümçiligiň we tehnologiýanyň derejesini ylmy önümçiligi, ýokary tehnologiýaly önümleri öndürmek ýoly bilen ýokarlandyrmagy, şeýle hem ýokary hünärli işgärleriň çekilmegi bilen baglanyşykly başlangyçlary barada aýdylýar.

Aşgabatda gurulýan we sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherjigine bagyşlanan dürli öwüşginli fotosuratlar 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň esasy bäsleşikleriniň geçjek künjekleri barada gürrüň berýär. Türkmenistan sebitiň sport ulgamynyň merkezine öwrülýär. Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Aziada-2017-ni Aşgabatda geçirmek baradaky çözgüdi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Žurnalda ýurdumyzyň täze taryhynda möhüm wakany alamatlandyran ilkinji “TürkmenÄlem 52oE” milli emeli hemrasyna, Türkmenistanyň kosmos döwletleriniň hataryna goşulýandygyna bagyşlanan makala hem öz ornuny tapypdyr. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde üstünlikli amala aşyrylan bu iri milli taslamanyň taryhyna we geljegine bagyşlanan makala “Kosmos üstünligi” diýlip atlandyrylypdyr.

“Türkmen hemrasynyň äleme çykarylmagy diňe bir tehnologik üstünlik bolman, eýsem, ol ägirt uly syýasy we jemgyýetçilik ähmiýeti bolan wakadyr. Türkmenistanyň halky iň bir çylşyrymly wezipeleri üstünlikli çözmäge ukyply öňdengörüji Lideriň ýolbaşçylygynda öz bitewiligini, yzygiderligini dünýä äşgär etdi” diýlip, makalada aýdylýar.

“Business Сentral Asia” žurnalynyň giň okyjylar köpçüligi üçin ahalteke bedewlerine bagyşlanan makalalaryň gyzykly boljakdygy gürrüňsizdir. Ýeri gelende aýtsak, žurnalyň başky sahypasynda ajaýyp ahalteke bedewiniň suraty ýerleşdirilipdir.

“Ahalteke bedewi türkmen halkynyň arzuwynyň amala aşmagydyr. Bu atlar zehinli we zähmetsöýer halkyň medeniýetiniň bölegidir. Onuň ösüşiň belentliklerine tarap bolan gadamynyň özboluşly nyşanydyr”şu jümleler şu ýylyň aprel aýynda Aşgabatda geçirilen Halkara ahalteke assosiasiýasynyň mejlisine, “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly ylmy maslahatyna, şeýle hem ajaýyp bedewleriň ýöriteleşdirilen sergi-ýarmarkasyna gatnaşan daşary ýurtly myhmanlaryň makalalarynda getirilýär.

Baýramçylygyň ajaýyp pursatlaryny janlandyran wakalardan taýýarlanan fotoreportažlar we türkmen toýlarynyň bezegi bolan atçapyşyklarynyň, konkur boýunça ýaryşlaryň suratlaryny kanadaly hünärmen Kerri-Jo Stýuard taýýarlapdyr.

Daşary ýurt okyjylaryna hödürlenen makalalaryň ýanyndaky köpsanly fotosuratlar we bezegli şekiller halkymyzyň häzirki durmuşa çuňňur aralaşmaga, onuň köpasyrlyk milli däpleriniň we halkymyzyň dessurlarynyň köpöwüşginli taraplaryna, sahawatly türkmen topragynyň gözelligine göz ýetirmäge ýardam berýär.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň