Serdar Berdimuhamedow türkmenistanly aýal-gyzlary Halkara zenanlar güni bilen gutlady

22:1807.03.2023
0
37055
Serdar Berdimuhamedow türkmenistanly aýal-gyzlary Halkara zenanlar güni bilen gutlady
Surat: tdh.gov.tm

8-nji martda, tutuş dünýäde bolşy ýaly, Türkmenistanda hem Halkara zenanlar güni giňden bellenilýär. Bu ajaýyp baýramçylyk mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň enelerine we ähli gelin-gyzlaryna Gutlag iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

— Sizi gözelligi, ýakymlylygy we ajaýyplygy bilen göwünlere egsilmez ylham-joşgun paýlaýan, bahar paslynyň ilkinji günlerinde giňden hem-de dabaraly bellenilýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu halkara baýramyň şanyna bagyşlanan aýdym-sazly dabaralaryň milli ýörelgelerimizi we maşgala mukaddesliklerimizi mynasyp dowam etdirýän eziz enelerimiziň, mähriban gelin-gyzlarymyzyň göwünlerini galkyndyryp, Garaşsyz Watanymyza bolan söýgini has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn — diýip, döwlet Baştutany Gutlagynda belleýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Halkara zenanlar güni türkmen jemgyýetini belent maksatlara jebisleşdirýän hem-de döredijilikli işlere ruhlandyrýan baýramçylyk hökmünde milli senenamada aýratyn orun tutýar. Şoňa görä-de, dünýä bileleşigi bilen birlikde, bu halkara baýram mynasybetli Aşgabat şäherinde, ýurduň ähli sebitlerinde baýramçylyk dabaralaryna badalga berlip, aýdym-sazly dabaralar, döredijilik bäsleşikleri, sergidir maslahatlar geçirilýär. Zähmetde, jemgyýetçilik durmuşynda gazanan uly üstünlikleri, Watana wepaly, sagdyn, ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge asylly goşantlary nazara alnyp, enelere «Ene mähri» diýen hormatly at dakylýar, gelin-gyzlar «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanylýar. Bu dabaralar türkmen zenanlarynyň bagtyýarlygynyň hem-de olara goýulýan hormatyň nyşanydyr.

— Maşgalanyň sütüni we abraýy, ýokary ahlaklylygyň nusgasy hökmünde eziz enelerimiziň mertebesini belent tutmak türkmen halkynyň iňňän gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdýan milli ýörelgesidir. Watana, il-güne, peder ojagyna wepaly, lebzi halal, zähmetsöýer gelin-gyzlarymyz biziň abraý-mertebämizdir.

Ak gyňaçly enelerimiziň, öýme ýaglykly gelinlerimiziň, gültahýaly gyzlarymyzyň süýji arzuwlary siňen we nesillerde ýokary ahlak häsiýetleriniň, watansöýüjiligiň kemala gelmegine ýardam berýän hüwdüleri, monjugatdylarydyr läleleri, gaýtalanmajak kämillige, milli öwüşgine eýlenen nepis halydyr keşdeleri biziň hümmeti egsilmejek milli hazynamyzdyr — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk Gutlagynda nygtaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň