Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy

13:1412.07.2015
0
2130

Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modiniň arasyndaky gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Himiýa önümlerini ibermek babatda “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen Hindistan Respublikasynyň “PSU Rashtriýa Chemicals & Fertilizers” kompaniýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik gullugy institutynyň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama, Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti bilen Hindistan Respublikasynyň Sport we ýaşlar baradaky ministrliginiň arasynda Sport babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hindistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ylym we tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda 2015-2017-nji ýyllar üçin Maksatnama, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hindistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama, Ýoga we adaty lukmançylyk boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hindistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hindistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda goranmak babatda hyzmatdaşlyk etmek baradaky Ylalaşyga gol çekilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modi bilelikdäki türkmen-hindi Beýannamasyna gol çekdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň