Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda «Çelsi» «Borussiýa Dortmundy» kabul eder

18:3607.03.2023
0
20379

UEFA Çempionlar Ligasynda şu gije ýene-de 2 duşuşyk oýnalar. Aşgabat wagty bilen 01:00-da başlanjak oýunlarda «Borussiýa Dortmund» öz meýdançasynda «Çelsini», «Klub Brýugge» bolsa «Benfikany» kabul eder.

Iki duşuşyk hem UEFA-nyň ýaryşlarynda ilkinji gezek bolar. Toparlar mundan öň resmi duşuşyk geçirmändi. «Borussiýa Dortmund» — «Çelsi» duşuşygyna ispaniýaly Hesus Gil Manzano eminlik eder. Soňky 2 transfer möwsüminiň çempiony «Çelsiniň» myhmançylykda nähili oýun görkezjekdigi futbol janköýerlerini içgin gyzyklandyrýar.

Taryhynda ilkinji gezek 1/8 finala çykan «Klub Brýugge» bilen öz toparçasynda «PSŽ-dir» «Ýuwentusdan» öňe saýlanyp, 1-nji orny eýelän «Benfikanyň» arasyndaky oýunda bolsa italiýaly Dawide Massa jürlewük çalar.

Çempionlar Ligasynyň 1/8 finalynyň galan 4 duşuşygy geljek hepde oýnalar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň