Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Baş sekretaryň kömekçisi bilen duşuşdy

18:3305.03.2023
0
31667

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili A.Ataýewa Baş sekretaryň Ýakyn Gündogar, Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça kömekçisi jenap Muhammet Halid bilen duşuşdy.

Myhman Türkmenistanyň bitarap daşary syýasatyna, parahatçylykly we ynamdar döwletara gatnaşyklary goramak, ösdürmek üçin BMG-niň çäginde öňe süren başlangyçlaryna ýokary baha berdi. Bu barada BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýada we dünýä derejesinde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek meseleleri boýunça Türkmenistanyň BMG-niň gurluşlary bilen gatnaşygyny giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi.

Habar berşimiz ýaly, BMG Baş Assambleýasynyň kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýip yglan edipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň