Täze orta hünär okuw mekdepleri açylar

12:1710.07.2015
0
2074

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 9-njy iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň hem-de Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň garamagyndaky hojalyk hasaplaşygy esasynda işleýän orta hünär okuw mekdeplerini döretmek baradaky Karara gol çekdi. Karara laýyklykda, täze orta hünär okuw mekdepleriniň Tertipnamasy 1 aý möhletde taýýarlanar. Täze orta hünär okuw mekdeplerinde okuwlaryň dowamlylygy 2 ýyldan 2,5 ýyla çenli bolar. Olarda 2015-2016-njy okuw ýylyndan talyplara bilim berlip başlanar.

 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň