Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 2015-nji ýylyň ýanwar—iýun aýlary aralygynda 109,1 göterime deň boldy

06:1510.07.2015
0
3244

Türkmenistanda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi içerki önümiň ösüş depgini 2015-nji ýylyň ýanwar—iýun aýlary aralygynda 109,1 göterime deň boldy. Şol sanda ösüş senagat pudagynda 106,2 göterime, gurluşykda 112,1 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 111,3 göterime, söwdada 111,4 göterime, oba hojalygynda 111 göterime, hyzmatlar ulgamynda 111,6 göterime barabar boldy.

Häzirki wagtda jemi içerki önümiň möçberinde döwlete dahylsyz bölegiň paýy (ýangyç-energetika toplumyny hasaba almazdan)  65, 1 göterime deň boldy.  

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň ösüş depgini 108,1 göterim üpjün edildi.

2014-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, alty aýyň netijeleri boýunça  bölek-satuw haryt dolanyşygy 19,5 göterim artdy. Daşary söwda dolanyşygynyň möçberi hem ýokarlanýar.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň