Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ýokary okuw we orta hünärment okuw mekdeplerine resminamalary kabul etmek başlanýar

05:3910.07.2015
0
23176

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2015-nji ýylda  Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasy; 2015-nji ýylda Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasy tassyklanyldy.

Şu okuw ýylynda ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň 8-siniň açylmagy göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň Döwlet  lukmançylyk uniwerstetiniň harby lukmançylyk fakultetinde “Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek işi” hünärini, Halkara nebit we gaz uniwerstitende “Gazylyp alynýan peýdaly magdan känlerini özleşdirmek” hünärini, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk inistitutynda “Aýnanyň we sitallaryň himiki tehnologiýasy” hünärini, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş inistitutynda “Ykdysady kibernetika” hünärini. Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk inistitutynda “Gämi gurluşygy we umman tehnikasy” hem-de  “Radioelektron ulgamlary we toplumlary” hünärlerini, Türkmenistanyň döwlet energetika inistitutynda “Elektrik we ýylylyk öndürmegiň tehnologiýasy” hünärini, Türkmen milli konserwatorýasynda “Opera sungaty” hünärini açmak meýilleşdirilýär. Umuman, şu ýyl ýurdumuzyň ýokary okuw mekdeplerine 7128 adam kabul etmek göz öňünde tutulýar.  Bu bolsa geçen ýyldakydan 267 adam köpdür.

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň we Türkmen döwlet neşirýat gullunyň garamagynda orta hünär okuw mekdeplerini dörediler. Bu okuw mekdepleri täze okuw ýylyndan işläp başlar. Politehniki orta hünär okuw mekdebine 6 hünär boýunça 150 adam, Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebine 3 hünär boýunça 45 adam kabul etmek, şeýlelikde, şu ýyl ýurdumuzyň orta hünär okuw mekdeplerine 8342 adam kabul etmek göz öňünde tutulýar. Bu bolsa geçen ýyldakydan 629 adam köpdür. Ýetginjek oglanlaryň we gyzlaryň 30 müňüsi 77-sany başlangyç hünär okuw mekdeplerinde bilim alarlar.

Ýokary okuw mekdeplerine, şeýle hem mugallymçylyk, lukmançylyk, medeniýet we maliýe-ykdysady ugurly orta hünär okuw mekdeplerine resminamalary kabul etmek 11-nji iýuldan 27-nji iýula çenli aralykda Aşgabatda we welaýat merkezlerinde, giriş synaglaryny bolsa iýul aýynyň  30-yndan awgust aýynyň 22-si aralygynda okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerlerinde geçiriler. Hojalyk hasaplaşygyndaky orta hünär okuw mekdeplerine resminamalaryň kabul edilmegi 11-nji iýuldan 19-njy awgusta çenli aralykda, giriş synaglary 21-nji awgustdan 26-njy awgusta çenli aralykda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň