Soňky habarlar

Arhiw

TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Hoşallyk maslahaty geçirildi

17:4103.03.2023
0
43932

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli Hoşallyk maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň professor mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Maslahatda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa çykyş edip, bu ýere ýygnananlary BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 60-njy mejlisinde Türkmenistan tarapyndan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň adyndan gün tertibiniň «Parahatçylygy gurmak we parahatçylygy saklamak» atly 58-nji maddasyna laýyklykda hödürlenen «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de Türkmenistanyň halkara abraýynyň has belende göterilmeginde bu taryhy resminamanyň uly ähmiýetiniň bardygyny nygtap aýtdy.

Malahatda çykyş edenler gapma-garşylyklaryň öňüni almak babatynda BMG-niň howandarlygynda global toruny ösdürmekde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işiniň tejribesini dünýäniň beýleki sebitlerinde oňyn görelde bolýandygyny aýratyn belläp geçdiler. Şeýle hem BMG-niň «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» hem-de «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» maksatnamalaryna laýyklykda döredilen Merkezi Aziýanyň zenanlarynyň dialogy hem-de Ýaşlara bilim bermek boýunça Öňüni alyş diplomatiýasynyň akademiýasy ýaly başlangyçlara aýratyn üns berilýändigi maslahatda edilen çykyşlarda öz beýanyny tapdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň