Elektronika dünýäsi dükany we «Berkarar» SDAM «Samsung» dükany ähli söwda eden müşderilere sowgat berýär

22:0003.03.2023
0
60051

«Berkarar» SDAM-däki «Samsung» hojalyk tehnikalar we «Elektronika dünýäsi» dükanlary türkmenistanlylary aksiýa gatnaşmaga çagyrýar.

Ýaz baýramçylyklary mynasybetli geçirilýän aksiýa 4-nji martda başlanyp, 25-nji marta çenli dowam eder.

Baýrakly aksiýa iki ugur boýunça geçiriler:

  • 5000 manatdan ýokary möçberde söwda etseňiz – dürli hilli hojalyk tehnika harytlary sowgat beriler.
  • 5000 manada çenli harytlary satyn alsaňyz – fleşkalar, nauşnikler, goşmaça çipleri, bakal we beýleki sowgatlara mynasyp bolarsyňyz.

1-nji aprelde bolsa dükanyň sosial media ulgamyndaky hasabynda göni ýaýlymda aksiýanyň baş baýragynyň – Ýaponiýanyň «Hitachi» brendiniň tozan sorujy enjamynyň gowşurylyşy bolar.

Bu aksiýa gatnaşmak bilen ýetip gelen mart baýramçylyklarynyň bosagasynda özüňizi we ýakynlaryňyzy begendirmäge mümkinçilik gazanýarsyňyz.

Mundan başga-da, «Elektronika dünýäsi» we «Samsung» dükanlarynda 25-nji marta çenli brendine, ýagdaýyna hem-de öndürilen ýylyna garamazdan, könelen kir ýuwujy maşynlary tazelemek boýunça aksiýa dowam edyar.

Özleriniň köne kir ýuwujy maşynlaryny dükanlara tabşyryp, türkmenistanlylar onuň ornuna ýük göterijiligi 6, 7, 8 ýa-da 9 kg bolan «Ariston», «Indesit» ýa-da «Whirlpool» brendiniñ kir ýuwujy maşynlaryna 2000 manat arzanladyş gazanyp bilerler.

Dükanlaryň salgylary we habarlaşmak üçin maglumatlary:

  • «Elektronika dünýäsi» dükany: Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly, 183. Telefon belgileri: (+993 60) 14 22 53, (+993 60) 14 22 55 (hyzat ediş merkezi);
  • «Samsung» dükany: Aşgabat ş., «Berkarar» SDAM, 1-nji gat. Telefon belgileri: (+993 60) 14 22 52.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň