Aşgabatdaky dükanda «Xuping Jewelry» bižuteriýalarynyň täze görnüşleri alyjylara ýetirilýär

14:1503.03.2023
0
48907

«Xuping Jewelry» brendiniň Aşgabatda ýerleşýän dükanynyň wekili harytlaryň täze görnüşleriniň gelip gowşandygyny habar berýär. Hytaý brendiniň täze kolleksiýasynda bilezikler, gulakhalkalar, tumarlar, gülýakalar, dürli toplumlar we beýleki bižuteriýa önümleri bar.

Dükanda 31-nji marta çenli ähli haryt görnüşlerine 15% arzanladyş yglan edilendigini bellemek gerek.

«Xuping Jewelry» bižuteriýalarynyň hiç hili zyýansyz şaý-seplerdigini hem ýatlap geçmeli. Bu bižuteriýa önümleri medisina garyndysy esasynda altynyň hem-de rodiniň galwanik usulda örtülmegi bilen taýýarlanyp, gippoallergen häsiýetlidir. Şonuň üçinem olar reňkini saklamak bilen garalmaýar hem-de beden üçin ýaramaz täsir etmeýär.

Halkara Zenanlar gününiň öňüsyrasynda ýakynlaryňyzy gutlamak üçin «Xuping Jewelry» brendiniň şu salgydaky dükanyna baryp, ajaýyp şaý-sepler bilen tanşyp bilersiňiz: Aşgabat ş., Parahat 4 (ozalky Mir), Ankara köçesiniň 57-nji jaýy, «Ýakut daşlar» dükany.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 65) 94 44 48, (+993 65) 67 68 71.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň