Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti RF-niň Hökümetiniň başlygy Mihail Mişustini doglan güni bilen gutlady

09:5503.03.2023
0
27631

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygy Mihail Mişustine doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýanyň Hökümetiniň başlygynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine berýän yzygiderli ünsüni we goldawyny nygtap, bu gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Çeşmäniň habar bermegine görä, Prezident Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygy Mihail Mişustine berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez güýç-kuwwat, maşgala abadançylygyny arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň