Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabady gurmagyň 15-nji nobatdakysy durmuşa geçirilip başlandy

07:3009.07.2015
0
3417

Aşgabady gurmagyň 15-nji nobatdakysynyň çyzygy Seýdi we Mollanepes köçeleriniň golaýyndan geçýär. Döredilýän täze ýaşaýyş toplumynda ýaşaýyş jaýlary we jemgyýetçilik binalary, umuman, 257 desga bolar. Şol sanda bu ýerde 72 we 48 otagly 12 gatly jaýlaryň on sekizisi hem-de 6 we 8 otagly 3 hem 4 gatly jaýlaryň on altysy göz öňünde tutulandyr. Bu çäkde, şeýle hem hersi bir maşgala niýetlenen iki gatly ýaşaýyş kottejleriň ýene 208-sini gurmak meýilleşdirilýär.

160 köprä, 600 okuwça niýetlenen çagalar bagydyr orta mekdep, 11 senagat we azyk harytlary dükanlary hem durmuş maksatly desgalara degişlidir. Täze ýaşaýyş toplumynda giň seýilbag zolagy dörediler desgalara ýanaşyk ýerler abadanlaşdyrylar we bag-bakja büreler. Bu ýerde dynç alyş, sport bilen meşgullanmak, medeni-köpçülik çärelerini geçirmek üçin meýdançalar peýda bolar. Şeýle hem umumy uzynlygy 14 kilometre barabar täze awtomagistrallary çekiler.

Paýtagty gurmagyň 15-nji nobatdakysy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler bileleşiginiň agzasy bolup durýan ýerli 30 kompaniýa ýüklenendir. Olar ýurt möçberinde giňden ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işlerine işjeň gatnaşyp, hünär ussatlygyny iş ýüzünde görkezmegiň hötdesinden gelýärler. TSTB-niň agzasy bolan kompaniýalar, şeýle hem iri buýrujylar we gurluşyga, has anygy umumy sandan 244 desganyň gurluşygyna şärikli gatnaşyklar bolup durýarlar.

Buýrujylaryň, esasan, täze ýaşaýyş jaýlaryny buýrujylaryň arasynda Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklary ministrligi, “Türkmennebitgazgurluşyk” Döwlet konserni, Demir ýol ulaglary ministrligi, Bilim ministrligi, Aşgabat şäheriniň häkimligi we beýlekiler ýaly dürli ministrlikler we edaralar bar.

Döwlet Baştutanynyň Kararyna laýyklykda, Aşgabady gurmagyň 15-nji nobatdakysynyň taslamasyny 2016-njy ýylyň ahyryna çenli doly durmuşa geçirmek bellenilýär.           

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň