Soňky habarlar

Arhiw

Çörek-bulka we konditer önümleriniň ilkinji tapgyry Balkanabat şäheriniň söwda nokatlaryna gelip gowuşdy

09:1808.07.2015
0
7581

Balkanabat şäherinde täze işe girizilen kärhanadan çörek-bulka we konditer önümleriniň ilkinji tapgyry Balkan welaýatynyň dolandyryş merkeziniň söwda nokatlaryna gelip gowuşdy.

Kärhanany  “Sarmat” hususy kärhanasy gurdy. Çig malyň gelip gowuşmagyndan başlap taýýar önümleriň çykarylyşyna çenli tehnologik işler awtomatikanyň kömegi bilen gözegçilikde saklanýar. Kuwwatlylygy ýylda 1 müň tonna çörek-bulka we şonça hem konditer önümlerini öndürmäge ukyply täze önümçilik şäherliler üçin täze iş orunlaryny hem getirdi.

Bu hususy sektoryň wekilleriniň soňky döwürde Balkanabat şäherinde guran üçünji azyk senagaty kärhanasydyr. Olaryň biri şäher merkezinde, beýlekisi bolsa täze “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda ýerleşýär. Bu ýerde çörek we çörek-bulka önümleriniň 10, konditer önümleriniň bolsa 30 görnüşi öndürilýär.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň