Arhiw

TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda iňlis dili hepdeligi geçirildi

12:5301.03.2023
0
44596

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 21 — 28-nji fewral aralygynda iňlis dili hepdeligi geçirildi.

Hepdeligiň ilkinji güni «Öwrenilýän diliň ýurdy bilen tanyşlyk» atly çäre geçirildi. «Türkmenistan: Altyn asyr» web-saýtynyň habar bermegine görä, institutyň baş binasynyň girelgesinde guralan sergi meýdançasy hepdelige özboluşly bezeg berdi. Iňlis dili hepdeligine ýokary okuw mekdebiň talyp ýaşlary bilen birlikde, Aşgabat şäherindäki 65-nji we 68-nji orta mekdepleriň mugallymlarydyr okuwçylary hem gatnaşdylar.

Hepdeligiň dowamynda, institutyň ähli Ähli fakultetleriň talyplarynyň gatnaşmagynda «Beýik Britaniýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklar», «Beýik Britaniýa: dil, medeniýet, däp-dessurlar», «Beýik Britaniýanyň bilim ulgamy we ýokary okuw jaýlary», «Beýik Britaniýanyň gözel ýerleri» atly temalarda prezentasiýaly çykyşlar edildi. Talyplar tarapyndan ýerine ýetirilen iňlis dilindäki goşgular, aýdymlar, şeýle hem, iňlis edebiýatynyň nusgawy eserlerinden monologlar çärä aýratyn öwüşgin çaýdy.

Hepdeligiň çäginde institutyň birinji ýyl talyplarynyň başlangyjy bilen, açylan «Let’s Speak Up» (Geliň, gürleşeliň») atly ylmy gurnagyň agzalary bilen hem tanyşlyk geçirildi.

Iňlis dili hepdeliginiň dowamynda, bäsleşikleriň birnäçesi geçirildi. Şeýle bäsleşikleriň biri hem Malaýziýanyň Tehniki Hyzmatdaşlyk Maksatnamasy boýunça okuw meýilnamasyny üstünlikli tamamlan, daşary ýurt dilleri bölüminiň mugallymlarynyň täze tejribesi esasynda guraldy. Bu bäsleşige institutyň dört fakultetiniň talyplar toparynyň arasynda geçirildi.

Hepdeligiň ahyrynda talyplar tarapyndan taýýarlanan iňlis dilinde ajaýyp aýdymlar ýerine ýetirildi, birnäçe goşgular aýdyldy. Iňlis dili hepdelige işjeň gatnaşan talyplara, şeýle-de hepdeligiň çäginde geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolan talyplar toparlaryna ýörite baýraklar gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň