Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň 3х3 basketbol boýunça erkekler ýygyndysy Amsterdamda geçiriljek halkara ýaryşa gatnaşar

16:0028.02.2023
0
27574

3х3 basketbol boýunça Türkmenistanyň erkekler ýygyndysy Pro League Netherlands-2023 halkara ýaryşyna gatnaşar. Bu ýaryş 9 ― 20-nji mart aralygynda Amsterdam şäherinde geçiriler.

Ýaryş 12 toparyň arasynda bolar. Oňa Niderlandlaryň, Germaniýanyň, Kanadanyň, Polşanyň, çehiýanyň, Ysraýylyň we Türkmenistanyň toparlary gatnaşar.

Saýlama tapgyrlaryň üçüsinden we bir final duşuşygyndan ybarat boljak ýaryşyň baýrak gaznasy 60 müň amerikan dollaryna ýetýär. Şeýle hem ýeňiji «World Tour Masters» ýaryşyna gatnaşmaga hukuk gazanar.

Türkmenistanyň 3х3 basketbol boýunça erkekler we zenanlar ýygyndylarynyň şu günler Litwada okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýändigini habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň