Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda ulag ulgamynyň wekilleriniň arasynda kiçi futbol ýaryşy geçirildi

12:5928.02.2023
0
25243

Türkmen paýtagtynda 18 ― 25-nji fewral aralygynda «Türkmenawtoulaglary» agentligine degişli edaralaryň işgärleriniň arasynda kiçi futbol boýunça ýaryş geçirildi.

Duşuşyklaryň ählisi Aşgabadyň ýolagçy awtoparkynyň futbol meýdanynda geçirildi.

Ýaryşda Türkmenistanyň Birleşen awtomobil mekdepleriniň toparyna taý tapylmady. Olar agentlik tarapyndan goýlan kuboga mynasyp boldular.

Ikinji, üçünji orunlary bolsa Aşgabadyň ýolagçy ulaglary müdirliginiň we «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň toparlary paýlaşdylar.

Ulag ulgamynyň wekilleriniň arasyndaky bu ýaryş her ýyl geçirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň