Süleýman Muhadow «Hujandda» garşylanyşy barada gürrüň berdi

12:2628.02.2023
0
23433

Täjigistanyň «Hujand» futbol toparynyň 29 ýaşly türkmenistanly hüjümçisi Süleýman Muhadow täze toparynda garşylanylyşy barada gürrüň berdi.

«Topara goşuldym, indi göreşe goşulmak isleýärin. Topar gowy, dostluk ruhy höküm sürýär. Biz bir topar bolup, diňe gowy netijeler we täze üstünlikler üçin göreşeris.

Häzir çempionata taýýarlyk görýäris. Ýigitler meni ýürekdeş garşy aldylar. Ýolbaşçylarymyz hem gowy. Ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirdik, olarda netije däl-de, oýun taktikasyny dogry alyp barmak möhüm. Ählimiz bir maksada ― gowy möwsümi geçirmäge gulluk edýäris» diýip, Sport.tj türkmenistanly hüjümçiniň aýdanlaryny getirdi.

Süleýman Muhadowyň «Hujandyň» düzümine geçen hepdede goşulandygyny ýatladýarys. Ol 2019-njy ýylda karýerasyna dört ýyllyk arakesme berensoň, futbol ýoluny täjik toparynda dikeldýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň