Soňky habarlar

Arhiw

«Demirýollary» AGPJ işgärler bölüminiň işini sanly ulgama geçirmegi meýilleşdirýär

12:4627.02.2023
0
42759

«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti işgärler bölüminiň işini sanly ulgama geçirmegi maksat edinýär. Şunuň bilen baglylykda, AGPJ kadr işlerini sanlylaşdyrmak işini ýerine ýetirmek üçin potratçy saýlamak boýunça № DÝ/AGPJ-028 açyk tenderini yglan etdi.

«Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, bäsleşige gatnaşmak üçin Aşgabat ş., Türkmenbaşy şaýoly, 7 salgyda ýerleşýän «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine hökmany suratda şulary eltmeli:

  • dalaşgäriň doly adyny, kanuny ýagdaýyny we rekwizitlerini görkezmek bilen tendere gatnaşmak üçin arzany, şeýle hem dalaşgäriň hasaba alyş we kanuny resminamalaryny, ynanç hatyny we dalaşgäriň ynamdar wekiliniň pasportynyň göçürmesini;
  • lotyň spesifikasiýasyny we tehniki talaplaryny almaly;
  • bäsleşigiň resminamalarynyň bukjasyny almaly. Bäsleşige gatnaşmak üçin 2012 manat 50 teňňe (262 manat 50 teňňe — goşulan baha üçin salgyt) tölemeli.

Pul serişdeleriniň geçirilmegi üçin hasap ýazmaça arza bilen ýüz tutulanda görkeziler.

Bäsleşik üçin teklipler bildirişiň çap edilen gününden soň 30 (otuz) iş gününiň dowamynda tabşyrylmalydyr.

Maglumat üçin telefonlar: (+99312) 38-31-03, 38-31-04; faks: 38-31-03.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň