Soňky habarlar

Arhiw

«Astana» altynjy gezek Gazagystanyň Naýbaşy kubogyna mynasyp boldy

23:5125.02.2023
0
9794

«Astana» «Ordabasyny» ýeňip, futbol boýunça Gazagystanyň Naýbaşy kubogyna mynasyp boldy. «Astana Arena» sport toplumynda geçirilen duşuşyk ýerli toparyň 2:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Duşuşykda «Astananyň» gollaryny 8-nji minutda Aleks Amanowiç bilen 38-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyndan Darbo Dembo geçirdi. Şymkent şäherine wekilçilik edýän toparyň ýeke-täk goluny bolsa 9-njy minutda Ýerkebulan Tungyşbaýew öz adyna ýazdyrdy.

Şeýlelikde, «Astana» taryhynda altynjy gezek (2011, 2015, 2018, 2019, 2020, 2023) ýurduň Naýbaşy kubogyna mynasyp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň